Taner Ýyldyz Belgiýada ýewropaly türkler bilen duşuşdy

Ozalky Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz Germaniýadan soň Belgiýada ýewropaly türkler bilen duşuşdy

687807
Taner Ýyldyz  Belgiýada ýewropaly türkler bilen duşuşdy

Brýusselde türk jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşan Taner Ýyldyz Prezdent respublikasy dolanşyk ulgamy hakynda maglumat berdi.

Türkiýäniň 2001-nji ýylda ykdysady çökgünligi başdan geçirendigini ýatladan Ýyldyz, 2002-nji ýyldan bäri syýasy durnuklylygyň netijesinde türk ykdysadyýetiniň kadaly ösýändigini gürrüň berdi.

Türkiýäniň 15-nji iýulda agdarlyşyk synanşygyny başdan geçirendigini aýdan Ýyldyz “Agdarlyşyklar döwrüni indi ýapmalydyrys” diýip belledi we syýasy we ykdysady durnuklylyk üçin Prezident respublikasy dolanşyk ulgamynyň diýseň möhümdigini nygtady.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkler referendum bilen 27-nji martda ses bermäge başlar.

 



Degişli Habarlar