Muglada daşary ýurtly 56 adam tussag edildi

Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň suw giňişligindäki gaýykda 56 bosgun tussag edildi

664873
Muglada daşary ýurtly 56 adam tussag edildi

Kenarýaka howpsyzlyk gullugy motorly gaýyklar bilen Gresiýa gitmäge synanyşan pakistanly 56 adamy tussag etdi.

Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň gaýygyna mündirilen bosgunlar Bodrumyň portyna getirildi.

Düýn bolsa Izmiriň Çeşme etrabynda daşary ýurtly 23 adam howpsyzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilipdi.



Degişli Habarlar