Ýyldyrym Jihangiri bilen sebitleýin meseler barada pikir alyşdy

Ýyldyrym Eýranyň Wise-Przidenti Jihangiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

631875
Ýyldyrym Jihangiri bilen sebitleýin meseler barada pikir alyşdy

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen Eýranyň Prezidentiniň birinji orunbsaary İshak Jihangiriniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde soňky wakalara baglylykda sebitleýin meseleler seljerildi.

Premýer ministr Ýyldyrym Jihangirä halapda ilatyň göçürilmäge başlanandygyny, emma göçürlişiň dowamynda asuda ilata hüjümleriň guralandygyny aýtdy.

Ýyldyrym Halapdaky pajygaly ýagdaýyň aladalandyryjydygyny, şol çäkde şäheriň ilatynyň göçürilmeginiň bökdensiz dowam etmegi we sebite ynsanperwer kömeginin ýetirilmegi üçin Türkiýäniň elinden geleni etmäge taýardygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar