15-nji iýul “Demokratiýa we Milli jebislik güni” ady bilen resmi dynç alyş hökmünde yglan edildi

Huntaçylara garşy berk tutum alyp baran Kazanda 9 adam şehit bolupdy

597192
15-nji iýul “Demokratiýa we Milli jebislik güni” ady bilen resmi dynç alyş hökmünde yglan edildi

Ankaranyň Kazan etrabynyň adynyň “Kahramankazan” hökmünde üýtgedilmegi we 15-nji iýulyň “Demokratiýa we Milli jebislik güni” ady bilen resmi dynç alyş hökmünde yglan edilmegi hakyndaky kanun teklibi Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde bir agyzdan kabul edildi.

Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň öňüni almak üçin gahrymanlarça göreşen Kazana Kahramankazan ýagny Gahrymankazan çini berildi.

Agdarlyşyk synanşygyna garşy ilkinji göreş Kazan etrabynda başlady. Kazanyň halky  şol gije 8 müň adam bilen huntaçylaryň galasy bolan Akynjy harby bazasyna girdi.

Kazanlylar agdarlyşygy yzyna serpikdirmek üçin F 16 kysymly uçarlaryň uçmagynyň öňüni aldylar.

Huntaçylara garşy berk tutum alyp baran Kazanda 9 adam şehit boldy.

Kazanlylaryň agdarlyşyk synanşygy gijesindäki gahrymançylykly göreşi sebäpli kanuna laýyklykda Kazan etrabynyň ady Kahramankazan hökmünde üýtgedi.

15-nji iýul hem“Demokratiýa we Milli jebislik güni” ady bilen resmi dynç alyş hökmünde yglan edildi.



Degişli Habarlar