Izmirde 132 gaçgak tussag edildi

Izmir welaýatynyň Çeşme etrabynyň suw giňişliginde çişirilen gaýyklar bilen Gresiýa gitmäge synanyşan daşary ýurtly 132 gaçgak tussag edildi

584289
Izmirde 132 gaçgak tussag edildi

Kenarýaka howpsyzlyk güýçleri 132 adamy daşaýan 3 gaýyga garşy Çeşme etrabynyň suw giňişliginde operasiýa gurady.

Gaýyklardaky 132 daşary ýurtlylar bilen 2 türk Kenarýaka howpsyzlyk güýçleri tarapyndan Çeşme etrabynyň portyna alynyp gidildi.

Aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan daşary ýurtlylar Migrasiýa gullugyna iberildi.

Tussag edilen 2 türk bolsa bikanun göçlere kömek bermek sebäpli göz tussaglygyna alyndy.

Izmir-Çeşme gara ýolunda ýerleşýän Narlydere geçelgesinde saklanan ýük ulagynda bolsa daşary ýurtly 44 adam tussag edildi.



Degişli Habarlar