"Bu meýdandan dönükleriň ulanan Akynjy harby bazasynyň ýapyljakdygyny yglan edýärin”

Premýer ministr Ýyldyrym Ankaranyň Kazan etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi

540480
"Bu meýdandan dönükleriň ulanan Akynjy harby bazasynyň ýapyljakdygyny yglan edýärin”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasy-döwlete garşy paralel ulgam FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygynda tank we dik uçar beren  ähli harby merkezleriň ýapyljakdygyny aýtdy.

Premýer ministr Ýyldyrym Ankaranyň Kazan etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi.

Ýyldyrym, “Siz birlikde egin egine synanşyga böwet bolduňyz. Dönükleriň maksatyna ýetmekleriniň öňüni aldyňyz. Bu meýdandan dönükleriň ulanan Akynjy harby bazasynyň ýapyljakdygyny yglan edýärin”diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym “15-nji iýul Türkiýäniň ikinji azat edijilik göreşiniň adydyr. 15-nji iýuly her ýyl Demokratiýa şehitleriniň güni hökmünde hatyralarys. Şol gün köçelere çykdyňyz we 15 günden bäri meýdanlarda Türkiýä eýe çykýarsyňyz, Kazana eýe çykýarsyňyz” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym “Bu halkyň puly bilen alynan şol tanklardan, şol uçarlardan we şol dik uçarlardan halka garşy ot açanlar hasabyny bermeli bolar” diýip belledi.

Premýer ministr Ýyldyrym FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň Türkiýä yzyna berilmegi barada hem “Agdarlyşyk synanşygynyň jogapkäri, terrorçylaryň Amerikadaky ýolbaşçysyny ahyry Türkiýä getireris” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar