Erdogan: “Täze Garaşsyzlyk göreşi başlady”

Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň (ADÝD) demokratik guramalaryň has netijeli işlemeği üçin yglan edilendigini beýan eden Prezident: “bu şertlerde öýlerinde oturman köçelere çykyp, geljegine eýe çykan milletime buýsanýaryn” diýdi

534765
Erdogan: “Täze Garaşsyzlyk göreşi başlady”

Erdogan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygyny eden 15-nji iýul agşamynda we şondan soň başdan geçirilen barada iňlis köpçülikleýin habar beriş serişdesi “Roýtere” beýenat berdi.

Wakany ilki garyndaşlaryndan birinden eşidendigini, soň onuň hakykatdygyna göz ýetirip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halky meýdanlara çagyrandygyny ýatladan Prezident Erdogan, Marmarisde dynç alýan ýerinden Stambula eden howply syýahaty barada gürrüň berdi.

Atatürk adyndaky howa menziline barandan soň döwletiň uçarlary bilen pessaý uçýan terrorçylara garamazdan şertleri şol ýerden gönükdirendigini nygtan Erdogan, 16-njy iýul günorta sagatlarynda gözegçiligiň tas dolulygyna ýola goýandan soň kabulhanasyna gidendigini aýtdy.

Türk milletiniň meýdanlara gelip, tanklaryň öňüne geçen pursatlarynyň taryhda gaýtalanmadyk wakadygyny nygtan Erdogan: “Şeýlelikde milli ygtyýaryň aňladýan manysy hem düşnükli boldy” diýdi.

15-nji iýul gijesi Türkiýäniň Mejlisiniň, Prezidentiň Kompleksiniň we İçeri işler edarasynyň bombalanmagynyň, esasy nyşananyň milletdigini görkezýändigini beýan eden Prezident Erdogan, oňa garşy duran 246 adamyň şehit bolandygyny, 2,185 adamyň ýaralanandygyny ýatlatdy.

Ykdysady taýdan bu günlere iňňän agyr şertlerden geçilip ýetilendigini nygtan Prezident, ähli maýa goýumlarynyň we taslamalaryň iş ýüzüne geçirilmäge dowam ediljekdigini, maliýe düzgün-nyzamynyň gyşarnyksyz berjaý ediljekdigini, tersini öňe sürýän halkara guramalarynyň demokratiýanyň däl, eýsem agdarlyşygyň ýanynda durýandygyny aýtdy.

Türkiýäniň jebisligi, agzybirligi we doganlygy hemişekisinden has ileri tutmalydygyna ünsi çeken Erdogan, raýatlaryň hem haýsy syýasy garaýyşa eýedigine garamazdan agdarlyşyk synanşygyny goldamaly däldigini nygtady.



Degişli Habarlar