Erdogan: “15-nji iýul güni Şehitlerimizi hatyralama güni hökmünde yglan edildi”

Prezident R.T.Erdogan geljek nesilleriň 15-nji iýul demokratiýa göreşiniň gahrymanlaryny ýatdan çykarmajakdyklaryny aýtdy

534778
Erdogan: “15-nji iýul güni Şehitlerimizi hatyralama güni hökmünde yglan edildi”

Erdogan 15-nji iýul gününi Şehitleri hatyralama güni hökmünde yglan edendiklerini habar berdi.

Prezident Erdogan Prezidentiň Kompleksinde geçiren metbugat ýygnagynda Türkiýäniň taryhynyň iň bir hyýanatçylykly, iň pespäl ýaragly agdarlyşyk synanşygyna garşy göreşini erjellik bilen dowam etdirýändigini aýtdy.

Türk milletiniň taryh döredýän milletlerden biridigini ýene-de bir gezek görkezendigini nygtan Prezident Erdogan: “Milletime demokratiýa nobatymyzy soňuna çenli dowam etdirip, taryha altyn harplar bilen ýazan üstünligimizi netijelendireliň diýýärin” diýdi.

Raýatlara ýalňş habarlara üns berilmeli däldigi barada-da çagyryş eden Erdogan: “Döwletimiz Prezidenti, hökümeti, Türk ýaragly güýçleri, ministrlikleri, içeri işler ederasy, guberniýalary, häkimlikleri bilen, iň möhümi milleti bilen dik dur. Hökümetimiz, howpsyzlyk güýçlerimiziň ýokary tagallasy netijesinde watanymyzyň her bir garyş topragynda, her bir edarasynda gözegçiligi doly ele aldy” diýdi.

Fethullahçy terror guramasynyň (FETÖ) agzalarynyň edaradyr-guramalardan saplanyş tapgyrynyň ýokary depginde dowam edýändigini aýdan Prezident R.T.Erdogan, Milli Howpsyzlyk Geňeşi tarapyndan maslahat berilen, Ministrler kabineti tarapyndan kararlaşdyrylan adatdan daşary dolanşyk düzgüniniň Mejlisde tamamlanandygyna ünsi çekdi.

Türkiýäniň hukuk döwletidigini nygtan Erdogan: “Agdarlyşyk synanşygyna garşy görülýän çäreler demokratiýa, hukuk döwletine, başlangyç hak-hukuklara we azatlyklara goýulýan sapara laýyklykda görüldi, görülmäge-de dowam ediler” diýdi.

Geçirilen operasiýalaryň çäginde häzirki wagta çenli 10,410 adamyň saklanandygyny, 4,060 adamyň tussag edilendigini mälim eden Erdogan, hökümetiň we degişli güýçleriň işini ygrarlylyk we üstünlik bilen dowam etdirýändigini nygtady.

 



Degişli Habarlar