Çawuşogly beýleki ýurtlaryň liderleri bilen söhbetdeş boldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saýlanan hökümete garşy 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygyndan soň özüne telefon eden daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

532623
Çawuşogly beýleki ýurtlaryň liderleri bilen söhbetdeş boldy

Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Daşary işler ministri Çawuşogly Kenýanyň Daşary işler ministri Amina Mohamed, Somaliniň Daşary işler ministri Abdulsalam Hadliýe Omar, Norwegiýanyň Daşary işler ministri Borge Brende we Slowakiýanyň Daşary işler ministri Miroslaw Lažkak bilen telefon arkalı söhbetdeşlik geçirdi.

Daşarı işler ministri Çawuşoglynyň kärdeşleri Türkiyedäki demokratik etaba ve saýlanan hökümete goldaw berýändiklerini aýdandyklaryny nygtady.

Beyleki tarapdan Daşarı işler ministri Çawuşogly düýn agşam ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdy.

Iki lideriň arasynda ozal geçirilen telefon söhbetdeşliginde bolsa Fethullah Güleniň tabşyrylmagy bilen baglanşykly hukuky etap ara alynyp maslahatlaşylypdy.

Ministr Çawuşogly şeýlelik bilen agdarlyşyk synanyşygyndan soň jemi 43 ýurduň Daşary işler ministri, 1 ýurduň Adatdan daşary ýagdaý ministri we halkara guramalaryň 3 ýolbaşçysy bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.



Degişli Habarlar