Osmangazi köprüsi dabara bilen açyldy

Uzynlygy boýunça dünýäde 4-nji, Ýewropada ikinji ýerde durýan Osmangazi köprüsi ulanmaga berildi

522106
Osmangazi köprüsi dabara bilen açyldy
osmangazi köprüsü4.jpg
osmangazi köprüsü3.jpg
osmangazi köprüsü2.jpg
osmangazi köprüsü1.jpg

Stambul bilen İzmir şäherleriniň arasyndaky gatnawyň möhletini 9 sagatdan 3,5 sagada düşürjek Gebze-Osmangazi-İzmir awto-magistral taslamasynyň esasy bölümini emele getirýän köprüniň açylyş dabarasyna Prezident R.T.Erdogan, Premýer ministr Binali Ýyldyrym we Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, Wise-premýerler Numan Kurtulmuş, Nurettin Janikli we Mehmet Şimşek, köp sanly ministrler, halk deputatlary, býurokratlar, ýerine ýetiriji firmanyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, häkimler we raýatlar gatnaşdy.

Prezident Erdogan dabarada sözlän sözünde terrorçylyga garşy göreşiň erjellik bilen dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Ýakyn geljekde bähbitli, umytly wakalaryň boljakdygyna ynanýandygyny aýdan Erdogan: “Türkiýe başdan geçirýän kynçylykly günleriniň hötdesinden geler. Biz diňe jebisligimizi, agzybirligimizi, doganlygymyzy goralyň” diýdi.

Erdogan terror belasyndan saplanandan son gündogar we günorta-gündogar etraplarynda uly ösüşiň boljakdygyny aýtdy.

Terroryň iru-giç özüni tutýan eli çakýan çiýan ýalydygyny nygtan Erdogan: “Şu günki günde biziň ýurdumyzda partlaýan bombalar, ertir hökman olary ýurdumyza ugradanlaryň ellerinde ýarylar. Biz hiç hili tapawut goýmazdan terrory, terror guramalaryny, terrorçylary ret edýän ýurt. Şol buýsançly çemeleşmä başga ýurtlardan hem garaşýarys” diýdi.

Russiýa we Ysraýyl bilen başlan täze başlangyçlar barada-da durup geçen Prezident Erdogan, täze döwrüň diňe bir ýurtlarymyzyň arasynda däl, eýsem sebitimizde-de oňyn netijeler getirmegini arzuw etdi.

Erdogan Türkiýäniň ähli gatnaşyklarynda diňe öz bähbidini araýan däl, iki taraply bähbide esaslanýan arkalaşyga ähmiýet berýän döwletdigini nygtady.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem şeýle ägirt uly desganyň terrora iň ajaýyp jogap bolandygyny belläp: “Terrora jogamyzy önümçiligimizi artdyrmak bilen, arkalaşmak bilen bereris. Osmangazi köprüsi diňe bir sebiti däl, üstünden geçýän awto-magistral bilen birlikde Stambul, Kojaeli, Ýalowa, Bursa, Balykesir, Manisa we İzmir welaýatlaryna eşret getirer” diýdi.

Dabaradan soň synag sürüşini geçiren Prezident Erdogan we Premýer ministr Ýyldyrym, soň bolsa işçiler we raýatlar bilen agyz açdylar.

Osmangazi köprüsiniň uzynlygy 2,682 metre barabar.

İzmit aýlag geçişini 6 minuda düşürjek köprüniň düşýän gymmaty 9 milliard dollar.



Degişli Habarlar