Nusaýbinde bir esger şehit boldy

Wakada şeýle hem 2 adam ýaralandy

503096
Nusaýbinde bir esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan  goýulan elde ýasalan partlaýjy maddanyň ýarylmagy netijesinde 1 esger şehit boldy, howpsyzlyk güýjünden 2 adam ýaralandy.

Nusaýbinde 14-nji martda yglan edilen köçä çykmak gadagançylygyndan soň Türkiýäniň Ýaragly güýçleri we Içeri işler müdürligi tarapyndan başladylan terror guramasyna garşy operasiýalar dowam edýär.

Etrapda howpsyzlyk güýçleriniň gözleg işlerinde terrorçylar tarapyndan goýulan elde ýasalan partlaýjy maddanyň ýarylmagy netijesinde howpsyzlyk güýjünden 3 adam ýaralandy.

Ýagdaýy agyr bolan esger hassahanadaky ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Beýleki ýaralananlaryň ýagdaýlary bolsa kanagatlanarly.



Degişli Habarlar