Erdogan Kyrşehirde Ahilik hepdeliginiň açylyşyna gatnaşdy

Prezident Erdogan Ahilik hepdeliginiň açylyşynda halka ýüzlenip çykyş etdi

499033
Erdogan Kyrşehirde Ahilik hepdeliginiň açylyşyna gatnaşdy

R.T.Erdogan çykyşynda halkyň terrorçylara ýarag daşan halk wekillerine aýlyk tölenmegine razy däldigini aýtdy.

Prezident Erdogan jenaýat işi gozgalan halk deputatlarynyň eldegirilmesizlikleriniň mejlis tarapyndan bes edilmegi barada durup geçdi.

Erdogan: “Biz eger bulara çäre görmesek halk onuň hasabyny sorar. Şol sebäpli biz çäre göreris” diýdi.

Soňky döwürde çöküş etabyna giren terror guramasy PKK-nyň tarapdarlarynyň boýun egmäge başlandygyny ýatladan Erdogan: “Bular guramanyň düzümindäki aldadylan beýleki ýaşlara-da görelde bolmaly. Türkiýe Respublikasy özüne ýarag çenäne, aman diläp boýun egene nähili geçirimli çemeleşýändigini görkezdi. Biziň ynanjymyz, biziň däbimiz hem şony talap edýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar