PKK-a garşy operasiýada bir esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen ýüze çykan çaknyşykda 1 esger şehit boldy

493221
PKK-a garşy operasiýada bir esger şehit boldy

Nusaýbin etrabynda dowam edýän Atmaja-7 atly operasiýada Ýenişehir etrapçasynda terrorçylar howpsyzlyk güýçlerine ot açdylar.

Ýaragly hüjümde agyr ýaralanan 1 esger Nusaýbiniň döwlet hassahanasyna alynyp gidildi.

Ýaralanan esger alynyp gidilen hassahanasynda şehit boldy.

Beýleki tarapdan Mardin, Şyrnak we Hakkari welaýatlarynda dowam edýän operasiýalarda 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda terror guramasy PKK-a garşy dowam etdirilýän operasiýada şu günki güne çenli 385 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 371 barrikada aýryldy we 950 sany elde ýasalan partlaýjy madda ýok edildi.

Operasiýalaryň dowam edýän sebitlerindäki ýaşaýjylara 925 paket azyk kömegi paýlandy.



Degişli Habarlar