Mardinde bir esger şehit boldy

Sebitdäki operasiýalar dowam edýär

491849
Mardinde bir esger şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 1 esger şehit boldy.

Terrorçylaryň howpsyzlyk güýçlerine od açmagy bilen başlan çaknyşykda agyr ýaralanan esger alynyp gidilen hassahanasynda şehit boldy.

Sebitdäki operasiýalar dowam etdirilýär.

Beýleki tarapdan Kars welaýatynda 1 hepde ozal terror guramasyna garşy geçirilen operasiýada gaýadan aşak ýykylyp hassahanada bejergi astyna alynan Uly seržant Kazym Aý Erzurumdaky hassahanada şehit boldy.

Şehit bolan esgeriň jynazasy Aksaraýa ugradylar.



Degişli Habarlar