Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşleriň raýdaşlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan iş bilen baglanşykly meseleleriň diýalogyň üsti bilen çözülip bilinjekdigini belledi

481985
Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşleriň raýdaşlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşleriň raýdaşlyk güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde: “Işçi we zähmetkeş doganlarymyzy bütin dünýäde birlik, raýdaşlyk we adalatsyzlyga garşy göreş güni hökmünde bellenip geçilýän 1-nji maý Zähmet we raýdaşlyk güni bilen gutlaýaryn” diýdi.

Erdogan: “Gara der bilen çekýän zähmetleri esasynda ýurdumyzyň ösmegine we bagtyýarlyk derejesiniň ýokarlamagyna uly goşant goşýan işçilerimiziň we zähmetkeşlerimiziň hukuklaryny eýe bolmagy üçin görkezýän demokratiýa we parahatçylykly hereketleri, demokratiýamyzyň ösmegi taýdan hem uly ähmiýete eýedir” diýdi.

Prezident R.T. Erdogan işleýänleriň meseleleriniň çözgüdi, iş şertleriň gowylanmagy, mynasyp görülen ýaşaýyş satandarlaryna ýetilmegi, çekilen zähmetiň öwezini almak ýaly meselelere ähmiýet berýändigini nygtady.



Degişli Habarlar