“Türkiýe ýeke özi bosgun meselesine çözgüt tapyp bilmez”

“Türkiýe bosgun meselesini iň başyndan bäri özüne howp hökmünde dälde, adamzat meselesi hökmünde garady we bosgunlara kömek berilmelidigini belledi. Türk halky meselä hemişe şular ýaly garady”

478224
“Türkiýe ýeke özi bosgun meselesine çözgüt tapyp bilmez”

Türkiýäniň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Baş ilçisi Hakky Akil Türkiýäniň ýeke özüniň bosgun meselesine çözgüt tapyp bilmejekdigini belläp: “Halkara jemgyýet bosgun meselesi bilen baglanşykly jogapkärçiligi öz üstüne almaly” diýdi.

Fransiýanyň Senatynda "Revue Passages/Adaptes" atly habarlar gullugy tarapyndan guralan agşam naharyna gatnaşan Baş ilçi Akil bosgun meselesi barada durup geçdi.

Bosgun meselesiniň Türkiýede hiç bir syýasy partiýa tarapyndan syýasatda ulanylmaýandygyny nygtan Hakky Akil: “Türkiýe bosgun meselesini iň başyndan bäri özüne howp hökmünde dälde, adamzat meselesi hökmünde garady we bosgunlara kömek berilmelidigini belledi. Türk halky meselä hemişe şular ýaly garady” diýdi.

Türkiýäniň bosgunlara beren kömeginiň 10 milliard dollardan hem geçendigini ýatladan Baş ilçi Akil mesele bilen baglanşykly Türkiýä halkara jemgyýet tarapyndan berilýän goldawlaryň artmalydygyna ünsleri çekdi.



Degişli Habarlar