Ankaradaky hüjümi guran gyzyň şahsyýeti belli boldy

Terrorçy 2013-nji ýylda bäri aýralykçy terror guramasy PKK-nyň agzasydy

451824
Ankaradaky hüjümi guran gyzyň şahsyýeti belli boldy

Türkiýäniň paýtagty Ankarada 13-nji martda onlarça adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi gurana terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-niň lagerilerinde tälim berildi.

Içeri işler ministrligi hyýanatçylykly hüjümi guranyň 1992-nji ýylda dogulan, Kars welaýatynyň Kagyzman etrabynda ýaşaýan zenan terrorçy Seher Çagla Demirdigini mälim etdi.

Terrorçy 2013-nji ýylda bäri aýralykçy terror guramasy PKK-nyň agzasydy.

Siriýa tarapa geçen terrorçy terror guramasy ÝPG tarapyndan tälim berildi.

Türkiýäniň PKK bilen PÝD-niň arasyndaky tapawudyň ýokdygy baradaky tezisi ýene-de bir gezek subut edildi.

Ýurduň içinde ýeňlişe sezewar bolýan gurama daşary ýurtlarda ýetişdiren terrorçylaryna şäherlerde gan akdyrmaga mejbur edýär.

ABŞ başda bolmak bilen käbir Günbatar ýurtlaryň düşünmeýän we görmeýän arabaglanşyk ýekşenbe güni agşam paýtagt Ankarada günäsiz adamlaryň ölmegine sebäp boldy.

Käbirleri PÝD-ni Siriýadaky terror guramalarynyň sanawyna ýer bermeýän bolsa, käbirleri gurama ýarag goldawyny berýär. PÝD bolsa ýetişdiren adamlary bilen Türkiýäniň topraklaryny gana bulaýar.

Emma türk halky bularyň öz ganlaryna gark boljakdygyna ynanýar.

Türkiýäniň ähli ýerinde we ähli gatlaklary ýekşenbe güninden bäri terrora garşy göreşe goldaw berýär.

Halk has hem jebisleşýär.

Ýeke watan, ýeke baýdak ýörelgesine goldaw berýär.



Degişli Habarlar