Erdoganyň Günorta Amerikadaky soňky duralgasy Ekwador bolar

Diplomatik gatnaşyklaryny soňky döwürde barha ösdürýän nebite baý ýurt bolan Ekwador sebitde nusgawy ýurt hökmünde görkezilýär

426956
Erdoganyň Günorta Amerikadaky soňky duralgasy Ekwador bolar

Diňe Ankara däl eýsen iş dünýäsiniň wekilleri hem Prezident R.T. Erdoganyň saparlary bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Günorta Amerikanyň iň uly 2-nji nebit eksportçysy, sebitiň tropiki jennedi 16 million ilatly Ekwador bilen Türkiýäniň arasynda täze sahypa açylýar.

Ekwadoryň taryhynda ilkinji gezek Türkiýäniň Prezidenti ýurda sapar guraýar.

Ekwador Ýuwaş okeanyň kenarynda ýerleşmegi we Panama kanalynyň golaýynda bolmagy strategik taýdan wajyp pozisiýa eýe bolýar.

Türkiýe müňlerçe kilometrlik uzaklyga garamazdan bu ýurda demir, sowadyjy, traktor, gabykly miweler, ulag tekerlerini, ortopedik enjamlary, derman we aýna satýar.

Türkiýe bolsa Ekwadordan banan, kofe, kesilen gülleri, tropiki miweleri we kakao satyn alýar.

Prezident R.T. Erdogan saparynyň çäginde paýtagt Kitoda işewür adamlar bilen hem duşuşar.



Degişli Habarlar