Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2122982
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Ýerli saýlawyň netijeleri” söz başyly habarynda, türk halkynyň düýn ýerli dolanşyklaryň ýolbaşçylaryny saýlamak üçin ses berendigini ýazýar.

Saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Adalat we ösüş partiýasy (Ak partiýa) sesleriň 35,4, Respublikan halk partiýasy (JHP) sesleriň 37,7 göterimini aldy.

Stambul şäheriniň häkimi hökmünde Respublikan halk partiýasynyň dalaşgäri Emrem İmamoglu, Ankaranyň şäher häkimi hökmünde Respublikan halk partiýasynyň dalaşgäri Mansur Ýawaş we Izmir şäheriniň häkimi hökmünde Respublikan halk partiýasynyň dalaşgäri Jemil Tugaý saýlandy.

Prezident R. T. Erdogan ýerli saýlawyň netijesi barada beren beýannamasynda “Bu saýlawda demokratiýa üstünlik gazandy” diýdi.

“Sabah” gazeti, “Erdogan Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda Prezident R. Erdoganyň düýn Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklar, Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri we sebitdäki gumanitar ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

“Star” gazeti, “Ministr Fidan, Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde özara we sebitara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

“Watan” gazeti, “Togg ýüzüňden tanar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli awto ulagyna käbir üýgetmeleriň girizilendigini aýan edýär.

Toggyň sosial mediadan beren habarnamasynda “Ýüz tanamak tehnalogiýasyndan, ýyladyş we sowadyş ulgamyna we kamera tehnalogiýasyna çenli birnäçe üýgetme girizildi” diýildi.

“Hürriýet” gazeti, “Kruiz syýahatçylygy ýyla üstünlikli başlady” söz başyly habarynda, kruiz syýahatçylygynda ilkinji gezek ýanwar we fewral aýynda 23 kruiz gämisinin Türkiýä gelendigini habar berýär.

8 porta gelen kruiz gämileri bilen 23 müň 47 ýolagçy Türkiýä geldi.



Degişli Habarlar