Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün-tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2118603
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Fidan: Ysraýylyň ýadro diskurslaryny görmediksiremek bolmaz” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Brýusselde geçirilen Birinji atom energiýasy sammitinde eden çykyşynda; “Gazadaky gyrgynçylyk dowam edýärkä, ysraýylly resmileriň ýadro ýaraglary bilen bagly diskurslary diňe bir “perwaýsyz” diýmek bilen görmediksirelip bilinmez” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Yragyň demirgazygynda “howpsuz zolak” dörediler” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrligine degişli çeşmeleriň “Yragyň serhedinde howpsuzlyk zolak döredip, ýurdumyza abanýan howpy alysda garşy almagy, ulag we energetika taslamalary bilen sebitde abadançylygyň ösmegine goşant goşmagy maksat edinýäris” diýip, beýannama berendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Ankara sebitde özüni ussatlyk bilen güýçlendirýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň halkara arenada eden başlangyçlarynyň grek metbugatynda giň seslenme döredýändigini ýazýar. Türkiýäniň edýän başlangyçlaryny seljeren goňşy ýurduň neşirýaty “in.gr-da” çap eden kartasy bilen Ankaranyň güýçlenýän pozisiýasyna ünsi çekip; “Ankara sebitde özüni ussatlyk bilen güýçlendirýär” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň ýeli daşary ýurtlularyň radarynda” söz başyly habarynda, ispan-nemes firmasy “Nordex Groupyň” ýokary derejeli ýolbaşçysy Hose Luis Blankonuň Türkiýede kontinental ýel bekedi boýunça maýa goýumlaryny artdyrjakdyklaryny beýan edip; “Geljek ýyl Türkiýede 1 gigawat ýel bekediniň gurulmagy üçin 1 milliard ýewrolyk maýa goýum goýmagy meýilleşdirýäris” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Araban sarymsagyna ÝB geografik belgi berdi” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministri İbrahim Ýumaklynyň Gaziantebiň Araban düzlüginde ösýän Araban sarymsagynyň ÝB-den geografik belgi şahadatnamasyny alandygyny, şeýlelikde ÝB-den geografik belgi alan önümleriň sanynyň 21-e ýetendigini aýdandyny ýazýar.



Degişli Habarlar