Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2117042
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Çanakgala ruhy ýolumyzy şöhlelendirmäge dowam eder” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 18-nji mart Şehitleri hatyralama güni we Çanakgala deňiz ýeňişiniň 109 ýyllygyna bagyşlanan dabarada beýanat berendigini ýazýar. Erdogan beýanatynda; “Agzybirligimize, jebisligimize berkden berk eýe çykanymyzda bütin dünýä gelse hem Çanakgala ruhy ýolumyzy şöhlelendirmäge dowam eder” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Milli goranmak ministriligi: FETÖ agza 3 adamy serhetde ele salyndy” söz başyly habarynda, Gresiýa bikanun ýollardan geçmäge synanşan 3 adamyň serhet güýçleri tarapyndan ele salynandygyny we olaryň FETÖ agzdygyny mälim edendigini ýazýar.

“Watan” gazeti: “Baýraktar AKYNJY-nyň IHA-230 bilen goşa atyş” söz başyly habarynda, “Baýkaryň” milli we özbolyşly şertlerde öndüren uçarmansyz howa hüjüm ulagy “Baýraktar AKYNJY-nyň” supersonik raketa “IHA-230” bilen ýene-de bir gezek nyşanany doly urandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Habar deňizinde howpsuzlygy üpjün etmek üçin Türkiýe bilen aragatnaşyk sakladylar” söz başyly habarynda, Gazagystanyň we Türkiýäniň wekiliýetleriniň Hazar deňizinde howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda maslahat geçirendigini mälim edýär. Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň beýan etmegine görä maslahatda, deňizde howpsuzlygyň üpjün edilmegi we adatdan daşary ýagdaýlara çäre görjek gämiler bilen baýlyklaryň goralmagy boýunça hyzmatdaşlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

“Haber Türk” gazeti “4-nji gezek “Ýylyň howa menzili saýlandy” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň “Air Transport Awards” tarapyndan dördünji gezek “Ýylyň howa menzili” baýragyna laýyk görülendigini ýazýar. Gresiýanyň Ekali şäherinde geçirilen dabarada baýrak Stambul howa menzilini dolandyrýan “ıGA-nyň” ýolbaşçysynyň orubasary Selahattin Bilgene gowşuryldy.



Degişli Habarlar