Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2101889
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Ysraýyl garaşsuz Palestina döwletini ykrar etmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümetler sammitinde sözlän sözünde; “Ysraýyl garaşsyz Palestina döwletini ykrar etmeli. Palestinaly doganlarymyzy asla eýesiz, çäreiz we ýalňyz goýmarys. Biz parahatçylyk üçin hemaýatkärlik etmäge taýýar” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “120 saud firmasy Türkiýä geler” söz başyly habarynda, 120-den gowrak saud firmasynyň türk firmalary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin Stambula geljekdigini ýazýar. Firmalar energetikadan bankçylyk ulgamyna, goranyşdan awiasiýa çenli ençeme pudakda maýa goýmak üçin bar bolan şertler bilen tanyşar.

“Sabah” gazeti “Stambul çarpaýa galdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň oba hojalyk eksportunyň ýanwar aýynda ýyllyk mukdarda 9,3 göterim artyp, 3,1 milliard dollara ýetendigini mälim edýär. Ýanwar aýynda 772,3 million dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport edip, iň ýokary orny eýelän Stambul, Türkiýäniň jemi oba hojalyk eksportunyň 24,7 göterimini amala aşyrdy.

“Haber Türk” gazeti “Stambul syýahatçylykda rekord goýdy” söz başyly habarynda, dünýäniň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň başyny çekýän Stambulyň, 2023-nji ýylda 17,370,30 daşary ýurtly syýahatçyny kabul edip, ähli ýyllaryň rekorduny goýandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “İňlis metbugaty ýazdy: Türkiýe Fransiýadan hem geçer” söz başyly habarynda, Angliýada çap edilýän “Telegraf” gazetiniň “Näme sebäpden Türkiýede şu ýyl dynç alyş ýyly” söz başyly habaryny çap edip, okyjylaryna Türkiýede dynç almagy maslahata berendigine ünsleri çekýär. Habarda “Dünýäniň günsaýyn özüne çekiji häsýete eýe bolýan bu künjeginiň, 2024-nji ýylda İspaniýadan soň iň köp isleg bildirilen Fransiýadan hem öňe geçer” diýilýär.



Degişli Habarlar