Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2100772
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan şähergurluşyk tapgyrynyň depginini hasam güýçlendireris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerden soň sebiti gaýtadan dikeldiş işleriniň ýokary deginde dowam edýändigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan şäherguluşyk tapgyryny hasam güýçlendirjekdiklerini mälim etdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Howplara ýol bermeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Stambulyň Küçükçekmeje etrap häkimligine dalaşgär Aziz Ýeniaýyň saýlap kampaniýasynda guralan ýaragly hüjüme reaksiýa bildirendigini ýazýar. Erdogan: “Türkiýäniň dartgynly şertlere çekilmegine ýol bermeris” diýdi.

“Star” gazeti “Pentagon: Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary doktrinalary puja çykardy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň resmileriniň türk goranyş senagaty hakynda öwgüli sözler aýdandyklaryny okyjy köpçüliginiň dykgatynaýetirýär. Resmiler; “Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglary tehnologiýasynda edilýän açyşlar bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Türk dronlary guryýer söweşinde ýazylan doktrinalary puja çykardy” diýdip, nytadylar.

“Sabah” gazeti “Türkiýede zenan alymlaryň sany Ýewropadan ýokarda” söz başyly habarynda, Türkiýede ýokary okuw mekdeplerindäki zenan aloymlaryň sanynyň 46,4 göterime ýetendigini mälim edýär. Şeýlelikde Türkiýe Ýewropada 43 göterime barabar bolan zenan alym mukdaryndan öňe geçdi.

“Haber Türk” gazeti “Birža Stambul 2024-de çarpaýa galdy” söz başyly habarynda, Birža Stambulda BIST 100 indeksiniň täze ýyldan bäri 21,1 götrerimlik girdeji bilen dünýäniň esasy indekslerinden öňe geçendigini ýazýar. Rekord derejelere ýetmäge dowam edýän BIST 100 indeksinden soň 10,3 bilen Ýaponiýanyň Nillei 225 indeksi durýar.



Degişli Habarlar