Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2098611
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Pidakärlik edenleri unutmarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Kahramanmaraş ýer titreme ýaşaýyş jaýlarynyň bije çekiş we açar gowşuryş dabarasynda möhüm beýanatlar berendigini ýazýar. Prezident Erdogan ýer titreme betbagtçylygynyň bolan gününde “İňňän agyr şertleriň höküm süren günlerinde pidakärlik eden, adatdan daşary gaýratlar bilen ýer titremäniň bolan sebitine gelen gahrymanlarymyzyň hiç haýsysyny unutmarys” diýdi. Dabarada 9,289 ýaşaýyş jaýy eýelerine gowşuryldy.

“Star” gazeti “Türkiýe Liwiýada başkonsullyk açar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Türkiýäniň Liwiýada haýsydyr bir çaknyşygyň başlamagyny islemeýändigini nygtap; “Bengazidäki Başkonsullygymyzy gaýtadan açmak boýunça karara geldik, ýakyn geljekde açarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň Hasabat guramasynyň 2023-nji ýyl boýunça ilat sany çap edildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň Türkiýäniň 2023-nji ýyldaky ilat görkezijilerini çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Maglumata görä Türkiýäniň ilaty 2023-nji ýylda öňki ýyla görä 92,824 adam artyp, 85, 372,377 adama barabar boldy.

“Hürriýet” gazeti “Fitç Türkiýä sermaýa akymynyň geljekdigini çaklaýar” söz başyly habarynda, Amerikanyň karz derejelendiriş guramasy “Fitç Raýtingiň” şu ýyl Türkiýe bilen bilelikde ösüp barýan 9 ýurda sermaýa akymynyň soňky 10 ýylyň in ýokary çägine ýetip, 200 milliard dollara barabar boljakdygyny takmyn edýandigini ýazýar.



Degişli Habarlar