Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2085946
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Gyzyl deňizdäki global çykgynsyzlyga çäre Türkiýe” söz başyly habarynda, Gyzyl deňizde 3-4 hepdeden bäri geçiş kynçylygynyň bardygyna ünsleri çekýär. Ýewropa logistiki we üpjünçilik ýitgileri sebäpli Türkiýeden haryt almagy saýlap almaga başlady. Söwda ministri Ömer Bolat bu barasynda: “Türkiýeden iki günüň dowamynda ýokary hili türk harytlaryny logistiki güýjümiz bilen bilelikde Ýewropanyň bazarlaryna iki günüň dowamynda ýetirip bileris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň ykdysadyýeti 2023-nji ýylyň birinji 9 aýynda 4,7 göterim ösdi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň 2023-nji ýylda dünýäde söwdanyň 5 göterime barabar aşaklandygyna garamazdan Türkiýäniň haryt eksportuny artydyrp, 2555,8 milliard dollar bilen ýyly tamamlandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ministr Bolat: “2023-nji ýylda ykdysadyýetimiz ilkinji 9 aýda 4,7 göterim ösdi” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türk howaýollary ähli döwürleriň rekorduny goýdy” söz başyly habarynda, THÝ-niň 2023-nji ýylda 83,4 million ýolagçy gatnadyp, ähli döwürleriň iň ýokary ýolagçy sanyna ýetendigini mälim edýär. Türk howaýollary geçen ýyl gatnadylan ýolagçy sanyny 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 16,1 göterim ýokarlandyrdy.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe energetika pudagyna maýa goýumlaryny artdyrýar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň 2030-njy ýyla çenli energetika önjeýliligi üçin 20 milliard dollarlyk maýa goýumyň goýuljakdygyny aýdandygyny ýazýar. Ministr Baýraktar; “Şol maýa goýumlaryň saýasynda 2040-njy ýyla çenli 46 milliard dollarlyk energiýa tygşytlarys” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “50 trillion dollarlyk duşuşyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Merkezi bankynyň “Maýadarlar gününiň” ilkinjisini 11-nji ýanwarda Nýu-Ýorkda geçirjekdigini mälim edýär. Maslahatda Merkezi bankyň Başlygy Hafize Gaýe Erkan mukdary 50 trillion dollara barabar bolan dünýäniň esasy maýa goýum gaznalaryndan 200-den gowragynyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşar.



Degişli Habarlar