Türk metbugatynyň gygaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2085397
Türk metbugatynyň gygaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Stambuldaky sammit dünýäniň üns merkezinde” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşandygyny ýazýar. Stambuldaky sammitiň dünýäde giň seslenme döretdi. Köp sanly gazet bu sammit hakyndaky habary doly sahypadan beren bolsa, “Blumberg” gazeti Waşingtonyň söweş gutaradan soň Gazany nähili dolandyrjakdygy hakynda meýilnamalar boýunça Ankaranyň goldawyny almak isleýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ýaragly dron “Songar” täze hüjüm güýjüne eýe boldy” söz başyly habarynda, ilkinji milli ýaragly dron “SONGAR-yň” täze ukyba eýe bolandygyny mälim edýär. “SONGAR” integrasiýasy tamamlanan 6-ly bomba atar bilen üstünli atyş synagyndan geçdi. Şol çäkde atyş ukyby güýçlendi we nyşanany gyşarnyksyz urma özbolyşlygy artdy.

“Star” gazeti “Türkiýäniň ägirt uly taslamasy üçin goňşy bilen şäriklik” söz başyly habarynda, Gaziantep welatynyň Owakent etrabyndan Yragyň Pars aýlagyna çenli uzap gidýän “Galkynyş ýoly” taslamasy hakynda beýanat beren Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň “Galkynyş ýoluny” Yrak bilen bilelikde iş ýüzüne geçireris. Birleşen Arap Emirlikleri we Kataryň hem muňa gatnaşjakdygy görünýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýeden 2023-nji ýylda 12,4 milliard dollarlyk galla we bakja önümi eksport edildi” söz başyly habarynda, türk galla, bakja we ýagly tohumlary hem-de önümleri pudagynyň 2023-nji ýylda 213 ýurda we erkin söwda zolagyna 12,3 milliard dollarlyk eksport edilendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Arda Güler Ispaniýada ýel bolup ösdi” söz başyly habarynda, İspaniýanyň Şalyk kubogynyň soňky 32 bäsleşiginde Arandinanyň 3-1 hasabynda utulan futbol ýaryşyna birinji 11-lik bilen başlan we Real Madridiň formasyny ilkinji gezek geýinen Arda Güleriň görkezen başarjaňlygy bilen hemmeleri özüne haýran edendigine ünsleri çekýär. Bütin dünýä Arda Güleriň ukybyna üns çekýän bolsa, Real Madridiň Başlygy Florentino Pereziň ýaş futbol ýyldyzyny futbol meýdançasynda gören mahalyndaky reaksiýasy uly seslenme döretdi.



Degişli Habarlar