Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

2081957
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogandan Milli durnuklylyk ýüzlenmesi" sözbaşyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Arçynlar maslahatynda eden çykyşynda: "Terrorçylary öz gowaklarynda, öz hinlerinde ýok edýäris" diýip, 59 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny habar berýär. Milli durnuklylyk ýüzlenmesini beren Erdogan: "Milli durnuklylygymyzyň esasyny bir millet, bir baýdak, bir watan, bir döwlet ýörelgesini ähli şertlerde goramak, biziň gyzyl çyzygymyzdyr" diýip belledi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Girip bolmaz diýilýän ýerler indi gözegçilik astynda" söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň habar çeşmeleriniň: "Türkiyäniň Ýaragly güýçlerimiziň PKK,KJK, PÝD-ÝPG, DAIŞ we FETÖ terror guramalary başda bolmak bilen ähli görnüşli wehimlere we howplara garşy arakesmesiz we tutanýerli ýagdaýda göreş alyp barmaga dowam edýär. Girip bolmaz diýilýän ýerler indi gözegçilik astyndadyr" diýendigini mälim edýär.

Haber Türk gazedi: "ANKA-3 ilkinji uçuşyny üstünlik bilen amala aşyrdy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň TUSAŞ kärhanasy tarapyndan özgerdilen uçarmansyz harby uçar ANKA-3-iň ilkinji uçuşyny üstünlik bilen amala aşyrandygyny aýdandygyny beýan edýär.

Star gazedi: "ABŞ bilen F-16 petigi çözülýär" söz başyly habarynda, Prezidentiň Daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça baş maslahatçysy ilçi Akif Çagataý Kylyçyň, F-16-lar bilen baglanşykly ABŞ-nyň Kongresinde işleriň ýaýbaňlanandygyny belläp: "Düşünişmezlik nokatlary azaldy" diýendigini aýan edýär.

Hürriýet gazedi: "Çelik Netanýaha reaksiýa bildirdi" söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çeligiň Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerine reaksiýa bildirip: "Asuda ilata garşy hiç hili tapawut goýman, taryhyň iň wagşyçylykly agressiýasyny amala aşyrýan Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahunyň Prezidentimiz baradaky sözleri ýok hökmündedir. Netanýahu ýigrenç bilen ýatlanar we bir gün kanunyň öňünde jogapkärçilik çeker" diýendigini habar berýär. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar