Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýarler.

2081104
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Milli söweşjeň uçar “KAAN” üçin taýýarlyklar dowam edýär” söz başyly habarynda, milli söweşjeň uçar “KAAN-yň” ähli synaglarynyň tamamlanandygyny ýazýar. Ýer synaglary bilen sürüş synaglarynyň tamamlanmagyndan soň “KAAN” birnaçe hepdäniň dowamynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar.

“Sabah” gazeti “Gündogar Gara deňizde nebit heýjany” söz başyly habarynda, Gündogar Gara deňiz sebitinde deňiziň ýüzüne syzyp çykan suwklygyň nebit bolandygynyň anyklanmagyndan soň barlaglaryň depgininiň ýokarlandygyny mälim edýär. “Barbaros Haýrettinb Paşa” seismiki barlag gämisiniň nebit saparyna başlamagyna garaşylýar. Gäminiň Rize welaýatynyň Çaýeli etrabynyň ýalpaklarynda sapara çykmagy meýilleşdirilýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýede milli girdeji adam başyna 12,500 dollara ýeter” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň Gaziantep welaýatynda Eksport mobilizlenmesi Sammiti” atly çärä gatnaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ykdysadyýetdäki ösüşe ünsi çeken ministr Bolat; “2023-nji ýyly 1 trillion dollardan gowrak milli girdeji bilen ýaparys. Adam başyna girdejimiz 12,500 dollara ýeter” diýdi.

“Watan” gazeti “Sabiha Gökçen howa menziliniň ilkinji söwda uçuşy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan tarapyndan açylan Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky howa menziliniň 2-nji gonalgasyndan ilkinji söwda saparynyň edilendigini ýazýar. “Pegasus” howa ýollarynyň Helsinki saparyny amala aşyrýan “Boeing” 737-800 kysymly uçar howa menzilinde uçdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk goranyş senagaty gazak goşunyny kuwwatlandyrar” söz başyly habarynda, günsaýyn ösüş depgini ýokarlaýan türk goranyş senagatynyň önümlerine daşary ýurtlarda-da  islegiň ýokarlaýandygyny mälim edýär. Türk goranyş senagatynyň çäginde öndürilen ýerli uçarmansyz howa ulagy “ANKA-S-iň” Gazagystanyň goşunynyň inwentaryna goşulmagy üçin harby synaglara başlandy.



Degişli Habarlar