Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2080697
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Sabiha Gökçen howa menzili ýylda 85 million ýolagçy kabul eder” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky howa menziliniň 2-nji Gonalgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, çykyş edendigini ýazýar. Prezident Erdogan: “Ýäze gonalgamyzy gonuş, ozalkysyny uçuş üçin peýdalanarys. Ukyby 2 esse ýokarlanar. Täze gonalga bilen ýylda 85 milliondan gowrak ýolagçyny kabul etme ukybyna eýe bolunar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Biziň sussumyzy terror bilen basyp bilmezler” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Türkiýäniň ösüşini terror bilen bökdemek isleýänlere açyk ýüzlenme berendigini mälim edýär. “Biziň sussumyzy terror bilen basjaklara luny duýdurasym gelýär” diýen Erdogan; “21-nji asyrda ähli zady synap gördüňiz. Emma biziň mukaddes ýolumyza böwet basyp bilmediňiz. “Türkiýe asyrynyň” gurulmagynyň öňünde durup bilmersiňiz” diýdi.

“Sabah” gazeti “Terror guramasyna agyr zarba” söz başyly habarynda, terrorizme garşy göreşiň egilşiksiz dowam edýändigini ýazýar. Türk ýaragly güýçleri howadan we gury ýerden terror güýçlerini gabaw astyna aldy. Siriýadaky we Yrakdaky terror pozisiýalaryny ýer bilen ýegsan etdi. Geçirilen howa we gury ýer operasiýalarynda 56 PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “1-nji ýanwar säherinde müňlerçe adam Galata köprüsine geler” söz başyly habarynda, Türkiýedäki 308 jemgyýetçilik guramasynyň şehitler hem-de Gaza üçin häzirki wagta çenli görülip, eşidilmedik protest geçirmek üçin taýýarlyk görýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şol taryhy aksiýada müňlerçe adam 1-nji ýanwar güni säher çagy Stambuldaky Galata köprüsinde jemlenşer.

“Hürriýet” gazeti “Türk önümi mobil oýun dünýäniň üns merkezinde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň oýun dünýäsinde öňdebaryjy ýurtlardan birine öwrülen bolsa, türk firmalarynyň üstünlikleri üns merkezine öwrülýär. Merkezi Stambulda ýerleşýän “Drim Geýmsiň” çykaran mobil oýuny “Roýal Maç” meşhur bäsdeşi “Kendi Kraşy” tagtyndan agdaryp, iň köp girdeji gazanan oýun boldy.



Degişli Habarlar