Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2080245
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdogan şehit esgerler üçin duýgudaşlyk bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Yragyň demirgazygynda “Penje-Gulp” operasiýa zolagyndaky çaknyşykda şehit bolan esgerler üçin duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap edendigini ýazýar. Erdogan sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Ekstremist pespällerden döken ganlarynyň hasaby essesi bilen soraldy we soralýar. Terrorizmi gözbaşynda guratma strategiýamyzy soňky terrorçy ýok edilýänçä egilşiksiz dowam etdireris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Milli howpsuzlyk guramasynyň aýgytly operasiýasy” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk guramasynyň ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Aýn Al Arab şäherinden jogapkäri diýilýän “Bahoz Afrin” kodly terrorçyny Siriýada täsirsiz ýagdaýa getirendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Milli goranmak ministri Güler Yrak serhedinde” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň düýn Yrak serhedine barandygyny mälim edýar. Ministr Güler ol ýerde beren beýannamasynda “Penje-Gulp” operasiýa zolagyndaky hüjümlerden soň täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 30-a ýetendigini aýtdy.

“Star” gazeti “10 welaýatda “Gahrymanlar-35” operasiýasy söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň ekstremist terror guramasyna agza terrorçylaryň oba ýerlerinde gyş aýlarynda aksiýa guramak maksady bilen gowaklarda we gaçybatalgalarda gizlän ýaraglarynyň hem-de ok-därileriň ýok edilmegi üçin guralan “Gahrymanlar-35” operasiýalarynda 10 welaýatda 58 gowagyň we gaçybatalganyň hatardan çykarylandygyny beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy” söz başyly habarynda, Ýewropanyň Howa gatnawy howpsuzlygy guramasynyň Ýewropanyň awiasiýa habarnamasyna görä Stambul howa menzili 4-10-njy dekabryň aralygynda günlük ortaça 1296 uçuş bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili bolandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar