Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2078074
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan halkara jemgyýetçiligine Gaza boýunça çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýyla dogry ýüzlenmeleriň berilmegi we dowam edýan gyrgynçylygyň bes edilmegi taýdan uly jogapkärçiliginiň bardygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “Hüjümleriň gyssagly bes edilmegi we çaknyşyklaryň giňelmeginiň öňüniň alynmagy üçin Türkiýe ilkinji günden bäri ýokary diplomatik tagalla edýär” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Wengriýa sapar etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Wengriýada saparda bolandygyny ýazýar. Prezident Erdogan bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hasam çuňlaşdyrylmagy üçin ediljek başlangyçlar hakynda pikir alyşyldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Wiktor Orban: Geljek asyr Türkiýe asyry bolar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirendigini mälim edýär. Wengriýanyň Premýer-ministri Orban; “Geljek asyr üçin uly taslamany öňe sürdüňiz. Geljek asyr siziňki bolar. Oňa onandyk, şertnamalar baglaşdyk” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýe bilen Wengriýanyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Türkiýe bilen Wengriýanyň atom energiýasy, ýerasty tebigy gaz ammarlary we suwklandyrylan gaz beketleri boýunça hyzmatdaşlyk etjekdigini aýdandygyny ýazýar. Ministr Baýraktar; “Atom energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama” gol çekişdik. Goýulan gollar bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygymyzyň hasam güýçlendirilmegini maksat edinýäris” diýdi.

“Watan” gazeti “ÝB-ne agza ýurtlar bilen wyza meselesi çözülýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ÝB-ne agza ýurtlar bilen başdan geçirýän wyza meselesiniň çözülmegi üçin gepleşikleriň depgininiň ýokarlandygyny mälim edýär. Esasanda talyplar, alymlar, işewürler we sungat işgärleri üçin wyza meselesiniň gyssagly çözülmegi boýunça tagalla edilýär. Türk raýatlarynyň soňky ýyllarda ÝB-ne agza ýurtlara eden wyza ýüztutmalarynyň esasy bölegi kabul edilmeýärdi.



Degişli Habarlar