Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibinin ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2076846
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident Erdogan Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbertdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, özara we halkara meseleler hakynda pikir alyşandygyny ýazýar.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Gazada dowam edýän gumanitar pajyganyň dessine öňüniň alynmalydygyny, ABŞ-nyň Ysraýyla berýän şertsiz goldawyny çekmeginiň hüjümleriň bes edilmegini ýola goýup biljekdigini, hem dünýä hem-de Amerikan jemgyýetçiliginiň bu talaby soňky günlerde giňden beýan edýandigini we sebitde dessine durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagynyň ABŞ-nyň taryhy borjy bolup durýandygyny aýtdy.

“Sabah” gazeti “Ministr Fidan Azerbaýjanda möhüm beýanat berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn Azerbaýjanda beren beýannamasynda Gazada hüjümleriň bes edilmeginiň öňünde diňe ABŞ-nyň durýandygyna ünsi çekip; Ysraýyly goldaýanlar bu meselä gowy düşünsinler. ABŞ-nyň BMG-niň kararlaryna mundan artyk bökdençlik döretmezligini isleýärin” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Putin: Erdogan öňbaşçy pozisiýa eýeledi” söz başyly habarynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň düýn geçiren metbugat ýygnagynda Ysraýyl-Hamas söweşi hakynda durup geçip, Prezident R.T.Erdoganyň Gaza ugrundaky tagallalarda öňbaşçy pozisiýa eýeländigini aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýeden PKK bilen türgenleşik geçiren ABŞ-na reaksiýa” söz başyly habarynda Milli goranmak ministrliginiň ABŞ-nyň Siriýada terror guramalaryna berýän goldawy hakynda “Biz ABŞ-dan bu terror guramasyna berýän ähli kömegini we goldawyny bes etmegine we bizin terrorizme garşy göreşimize içgin goldaw bermegine  garaşýars” diýlen beýanatynyň berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Älem giňişligine gitjek ilkinji türk ýolagçysy üçin wagt kesgitlendi”  söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň Halkara kosmos bekedinde iş alyp barçak ilkinji türk kosmonawty Alper Gezerawjynyň 9-njy ýanwarda älem giňişligine gitjekdigini habar berendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar