Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2076386
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Gaza üçin diplomatik mobilizlenme” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gazada akýan ganyň durmagy üçin wakalaryň başlamagyndan bäri 30 sany ikiçäk duşuşyk, 32 sany telefon arkaly söhbedeşlik geçirendigini ýazýar. Erdogan “Akýan ganyň durmagy üçin tagalla edýäris. Gaza üçin pozisiýamyz belli” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Kurtulmuşyň Gaza boýunça reaksiýasy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň Ysraýylyň palestinalylara garşy soňky gyrgynçylygynyň adamzat üçin utandyryjydygyny aýdandygyny ýazýar. BMG-da ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki 10 ýurduň Gazada hüjümleriň bes edilmegine garşy durandygyny ýatladan Kurtulmuş; “Dünýä Ysraýyla ýaranjaňlyk edýan 10 ýurtdan uludyr we wagty gelende hasaby soralar” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýe Gazada hüjümleriň dessine bes edilmegi üçin çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministriniň orunbasary Ýasim Ekrem Serimiň Ysraýylyň asuda ilatdan müňlerçe adamy gyran ýeri bolan Gazada hüjümleriň dessine durnuklybes edilmeginiň zerurdygyny nygtandygyna ünsleri çekýär. Serim palestin halkynyň hukuklaryny kepillendirýän, adalatly we durnukly parahatçylyga hemaýatkärlik edýän mehanizmiň döredilmegine gyssagly zerurlygyň bardygyny, Türkiýäniň jogapkärçilik almaga taýýardygyny beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “ÝB: Türkiýe möhüm hyzmatdaş” söz başyly habarynda, ÝB-niň şu gün geçiriljek sammitinden ozal Umumy işler geňeşiniň mejlisinde “Biz ylalaşyga taýýar” diýlen ýüzlenmäniň kabul edilendigini ýazýar. Kabul edilen kararda Türkiýäniň dalaşgär ýurt we ençeme ugurdaky bähbitlerde möhüm hyzmatdaş bolmagnda galýandygy beýan edildi.

“Sabah” gazeti “Iňlizleriň we nemesleriň naharlary türk ojaklarynda bişýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýanwar-oktýabr aýlarynyň aralygynda oturtma ojak eksportynyň 340,6 million dollara, elektrik togy bilen işleýän ojak satuwunyň bolsa 255,8 million dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Eksport edilen her 5 tok bilen işleýän ojakdan biri Britaniýa ugradylan bolsa, Germaniýa ikinji orunda durýar.



Degişli Habarlar