Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2069554
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Gaza üçin ýokary diplomatiýa” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň İspaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançez bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Telefon söhbetdeşliginde Gaza üçin hüjümleriň durnukly bes edilmegi we durnukly parahatçylyk ugrunda edilýän tagallalar hakynda pikir alyşyldy.

“Hürriýet” gazeti “Kurtulmuş: Netanýahu we topary hasabat bermeli” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmyşyň Aziýanyň Parlamentar Assambleýasynyň Ýerine ýetirijiler komitetiniň maslahatynda sözlän sözünde; “Günbatar Gazadaky gyrgynçylygyň öňünde körlügi saýlap aldy. Netanýahu we topary halkara jenaýat kazyýetinde hasabat bermeli” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “NATO Türkiýäniň terrorizme garşy göreşine goldaw berýär” söz başyly habarynda, NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Türkiýe bilen PKK ýaly terror guramalaryna harşy özünigoramak üçin bilelikde işleşilmelidigini beýan edip; “NATO häzirki wagtda şeýle çemeleşýär” diýendigine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Russiýa we Türkiýe tebigy gaz merkezi üçin iş meýilnamasynyň üstünde ylalaşdy” söz başyly habarynda, Russiýanyň we Türkiýäniň bilelikde döretjek energetika merkezi üçin Trakiýa sebitiniň saýlanyp alynandygyny mälim edýar. 2024-nji ýylda gurlup gutarylmagy meýilleşdirilýän desga bilen Türkiýe tebigy gaz boýunça merkez ýurda öwrüler.

“Haber Türk” gazeti “Tehnologiýanyň ägirtleriniň Türkiýedäki maýa goýumlary” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetde edýän başlangyçlary we syýasy häkimiýet bilen halkara gönüden maýa gyýumlaryň hem üns merkezine öwrülen bolsa, “Alibaba”, “Amazon”, “Huawei” we PepsiKola” ýaly dünýäniň öndebaryjy firmalarynyň täze mata goýumlara gönügendigini ýazýar. Ýylyň 9 aýynda 93 täze maýa goýum taslama ýurda geldi.



Degişli Habarlar