Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

2028500
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Erdogan: Krymyň anneksiýasy bikanundyr" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, 3-nji Krym platformasy Liderler sammitine wideo ýüzlenme ugardandygyny habar berýär. Erdogan wideo ýüzlenmesinde, Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegini kabul etmeýän Türkiyäniň, bu ädimiň bikanundygyny ilkinji günlerden bäri aýdandygyny belläp: "Ukrainanyň territorial bütewiliginiň we özygtyýarlylygynyň tarapdarydyrys" diýip belledi. 

Star gazedi: "Kurtulmuş: Türkiye hemişe Kipr türkleriniň ýanynda bolar" söz başyly habarynda, TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuşyň: "Türkiye DKTR-nyň ykrar edilmegi we özygtyýarlylyk hukuklary babatynda hemişe Kipr türkleriniň ýanynda bolar" diýendigini mälim edýär. Kurtulmuş halkara arenada DKTR-nyň ykrar edilmegi bilen baglanşykly işleri geçirmäge dowam etjekdiklerini aýtdy. 

Sabah gazedi: "Amerikaly hünärmeniň haýran galdyryjy teswiri: Türkiye älemiň merkezinde" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň möhüm pikir merkezleriniň biri bolan "Heritage Foundation"-yň hünärmenleriniň biri bolan Jeýms Karafanonyň uly güýç bäsdeşliginiň esasy front ýagdaýyndaky Günbatar Ýewropa, Demirgazyk Afrika, Ortaýer deňizi, Ýakyn Gündogar, Orta Aziýa we Hindi-Ýuwaş Umman sebitlerinde parahatçylyk we asudalyk üçin Türkiyäniň esasy özeni bolup durýandygyny belläp: "Türkiye älemiň merkezinde" diýendigini beýan edýär. 

Watan gazedi: "Stambulda ofis rekordy döwüldi" söz başyly habarynda, Stambulyň ofis bazarynda dolulyk derejesiniň 84,9 göterime çenli ýokarlandygyny we soňky 10 ýylyň rekord derejesine ýetendigini aýan edýär. 

Hürriýet gazedi: "Türk syýahatçylyk pudagyndaky ösüş dünýä görkezijilerinden geçer" söz başyly habarynda, Türkiyäniň syýahatçylykda sanalgyja ýurtlaryň biri bolmaga dowam etjekdigini belleýär. Türkiyäniň Myhmanhanalar bileleşiginiň başlygy Müberra Eresin: "Türkiyäniň ýerleşdirme pudagy başda bolmak bilen hyzmatlar pudagyndaky hilini bütin dünýä bilýär. Wariasiýa taýdan hem möhüm bir sepgitdediris" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #habar , #metbugat

Degişli Habarlar