Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

2027539
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogan BMG-nyň Parahatçylyk güýjüniň öjükdiriji hereketlerine berk reaksiýa bildirdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň BMG-nyň Parahatçylyk güýjüne degişli esgerleriň DKTR-e garşy fiziki hereketiniň Türkiye tarapyndan asla kabul edilip bilinjek bir ýagdaý bolmandygyny aýdandygyny habar berýär.

Haber Türk gazedi: "Erdogan Şwesiýa sözünde durmagy barada çagyryş berdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Şwesiýanyň NATO gatnaşyk protokollarynyň Mejlisden tiz wagtda geçmeginiň Şwesiýanyň beren sözlerinde durmagy bilen proporsionaldygyny aýdandygyny mälim edýär. Türkiye Şwesiýanyň NATO agza bolup bilmegi üçin terror bilen arasyna araçäk goýmagyny talap edýär. 

Star gazedi: "Günbatar üçin deňagramlylyklary üýtgetjek sapar" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Wengriýanyň Milli güni mynasybetli giden Budapeştde möhüm duşuşyklar geçirmeginiň dünýä metbugatynda giň sesleneme döredendigini beýan edýär. Associated Press habarlar agentligi dabara Erdogan bilen birlikde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Kataryň Emiri Şeýt Temim bin Hamed Al Taniniň, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçiň, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň we Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşandygyny ýazýar. Associated Press şol hadysanyň günbatar ýurtlary üçin güýç deňagramlylygyny üýtgedip biljekdigini belleýär. 

Hürriýet gazedi: "Türkiye Gurhana garşy guralan hüjümleri ýazgardy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Kopengagen şäherindäki we Gollandıýanyň Gaaga şäherindäki ilçihanalarynda we käbir Musulman ýurtlaryň ilçihanalarynyň öňünde Gurhanyň ýakylmagy bilen bagly aksiýalaryň dowam etmegi sebäpli, Daniýanyň Ankara şäherindäki ilçiniň wekilini we Gollandiýanyň Ankara şäherindäki ilçihanasynyň geňeşçisini Daşary işler ministrligine çagyrandygyny aýan edýär. Çagyrylan wekillere Gurhana garşy guralýan hüjümlerden biynjalyk bolunýandygy bellenip, şol aksiýalaryň iň berk ýagdaýda ýazgarylýandygy we protest edilýändigi nygtaldy.

Ýeni Şafak gazedi: "Maýadarlaryň Türkiyä bolan gyzyklanmasy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň ykdysady ýagdaýy bilen baglanşykly oňyn görkezijileri bilen birlikde daşary ýurtlardan maýa göçümleriniň gelmäge başlandygyny habar berýär. Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Ethos Asset Managementiň Türkiyedäki kärhanalara 2024-nji ýyla çenli 250 million dollar, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 516 million dollar maliýe taýdan kömek berjekdigi beýan edildi. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar