Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1984128
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Watan” gazeti, “First Portuň Erdogan hakyndaky analizi” söz başyly habarynda, merkezi Hindistanda ýerleşýän “First Post” habar saýtynyň, Prezident R. T. Erdogan sebitara we halkara meselelerde oýnaýan rolyna ünsi çekendigini ýazýar.

Erdoganyň galla krizisiniň çözülmeginde uly rol oýnandygyna ünsi çekýän gazet, “Erdogan, ukrain gallasynyň ýaňadandan eksport edilmegine töwellaçylyk edendigi üçin halka jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan gara altyndan alynjak girdeji bilen maşgala we ýaşlar bankyny açarys” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Türkiýäniň 21 ýyldan bäri gazanýan girdejisini infrastruktura maýa goýumlary üçin sarp edendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Prezident Erdogan, Gabarda tapylan nebitden alynjak girdeji bilen maşga we ýaşlar bankyny açjakdyklaryny aýtdy.

“Sabah” gazeti “Gara deňizden buşlukly habar gelip biler” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Türkiýäniň uglowodorod gözleg işlerine dünýäde iň köp maýa goýan ýurtlardan biridigine ünsi çekendigini ýazýar.

Ministr Dönmez, Türkiýäniň Gara deňizde täze tebigy gaz ätiýajyny talyp biljekdigini mälim etdi.

“Star” gazeti, “Meşhur professoryň Türkiýäniň ykdysadyýet modeli hakyndaky öwgüli sözleri” söz başyly habarynda, halkara ykdysadyýetiň Kowid-19 epidemiýasynyň soň kadalaşmaga başlandygyna garamzdan ýokary infilýasiýa howpunyň dowam edýändigini nygtan Ýaponiýanyň Kobe uniwersitetiniň ykdysadyýet professory Çalrz Horioka, “Türkiýäniň ykdysadyýet modeliniň umuman alnanda ösüş depgini we eksport taýdan iň gowy”diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Elazygda 3 million ýyllyk kanýon tapyldy” söz başyly habarynda, Elazygda 3 million ýyllyk kanýonyň tapylandygyny, kanýonyň içinde ululy-kiçili birnäçe şaglawugyň bardygyny ýazýar.



Degişli Habarlar