Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň orun tutýar

1942825
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Gün jebislik günüdir" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Kahramanmaraş welaýatynda başdan geçirilen 7,7 bal ululygyndaky ýer titremeden soň, soňky 1 asyrda başdan geçirilen 1939-njy ýyldaky Erzinjan ýer titremesinden soňky iň uly apatyň bolandygyny aýdandygyny habar berýär. Erdogan: "Ýurt we millet hökmünde jebis we agzybir bolup, nesip bolsa bu apat günlerini hem geçeris. Gün 85 million adamyň bir ýürek bir bilek bolmagynyň günüdir" diýip belledi. 

Haber Türk gazedi: "Türkiye ýer titreme bolan sebitler üçin gan bermäge başlady" söz başyly habarynda, Güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremeden soň, Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Dr. Kerem Kynykyň, bütin Türkiyä gan bermäge çagyrandygyny mälim edýär. Türkiyäniň biri-birinden tapawutly şäherlerinden raýatlar ýer titremeleriň bolan sebitlere ýetirilmegi üçin gan bermäge başladylar. 

Sabah gazedi: "Türkiye bir ýürek" söz başyly habarynda, Kahramanmaraş welaýatynda başdan geçirilen ýer titreme ýurduň 10 welaýatynda täsirli bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýer titremeden soň Türkiye bir ýürek boldy. Sebite ýardam kampaniýalary başladyldy. Ýurduň dört künjeginden gözleg we halas ediş toparlar sebite bardylar. Toparlar uly seresaplylyk bilen harabalyklaryň arasynda galan adamlary tapmak üçin iş alyp barýar, ýurduň ençeme şäherinden ýygnalan çadyrlar, ýorganlar, azyk önümleri we aşhana enjamlary ýük ulaglary bilen zyýan çeken adamlara ugradylýar. 

Watan gazedi: "Dünýäden Türkiyä gynanç we duýgudaşlyk ýüzlenmeleri" söz başyly habarynda, Halkara mediaýnyň Türkiyäniň günorta sebitine täsir ýetiren ýer titreme bilen bagly habarlary okyjylaryň dykgatyna ýetirýändigini, internet saýtlarynyň göni ýaýlym bloglar arkaly soňky hadysalary we maglumatlary okyjylaryna ýetirýändigini aýan edýär. Ýer titremeden soň Türkiyä gynanç we duýgudaşlyk ýüzlenmeleri gelip gowuşmnaga başlady. Dünýäniň köp sandaky ýurdunyň lideri Türkiyä duýgudaşlyk ýüzlenmelerini berdi. 

Star gazedi: "Altundan Ilon Maska dezinformasiýa duýduryşy" söz başyly habarynda, Prezindetiň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň, Ilon Masky etiketläp ýer titreme bilen baglanşykly dezinformasiýa we ýalňyş maglumatlara üns bermezliginiň gerekdigini aýdandygyny beýan edýär. Fahrettin Altun, Twitter hasabyndan beren beýannamasynda: "Bular ýaly adatdan daşary ýagdaýda Twitter üçin platformalardaky dezionformasiýa we ýalňyş maglumatlara aýratyn üns berilmelidir. Bu adamlara zyýan ýetirip biler we tagallalarymyzy päsgel berip biler. Twitterden jogapkärçilikli bir çemeleşme garaşýarys" diýip belledi.


Etiketkalar: #gazet , #habar , #metbugat

Degişli Habarlar