Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1939293
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdoganyň Şwesiýa bilen bagly beýannamasy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn beren beýannamasynda Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk tapgyrynyň üstünde durup geçip: "Finlýandiýa bilen bagly tapawutly ýüzlenme berip bileris, emma Şwesiýa geň galar" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Perzident Erdogan sosial mediada iň köp yzarlanýan 2-nji lider" söz başyly habarynda, Italiýada sanly maglumatlary analiz edýän gaznalaryň biriniň geçiren sowalnamasyna görä, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň sosial mediada iň köp yzarlanýan liderleriň hataryndadygyny habar berýär. Sowalnama görä, sosial mediada iň köp yzarlanýan dünýä liderleri: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Prezident Erdogan we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý boldy. 

Sabah gazedi: "Ministr Akar: Parahatçylyga goşant goşmak üçin tagallalarymyzy dowam etdirýäris" söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Türkiýäniň sebitiň we dünýäniň parahatçylygy üçin tagalla edýändigini aýdandygyny mälim edýär. Hulusi Akar: "Bir tarapdan serhetleriň goralmagy we howpsuzlygy bilen terrora garşy göreşiň amala aşyrylmagy, beýleki tarapdan bolsa DKTR, azerbaýjanly doganlarymyz we liwiýaly doganlarymyz başda bolmak bilen Somalide, Sudanda, Kosowada, Bosniýada, bolup biljek ähli geografiýalarda, müňlerçe esgerimiz bilen bilelikde sebitiň we dünýäniň parahatçylygyna goşant goşmak üçin gije-gündiz diýmän işlerimizi dowam etdirýäris" diýip belledi. 

Watan gazedi: "Ukrainada Baýraktar Meşhur ganatlar dokumental filmi" söz başyly habarynda, Ukrainanyň iň uly telewideniýe kanallarynyň biri bolan "1+1" kanalynda, Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglary barada dokumental film taýarlanyp ýaýlyma berilendigini beýan edýär. Dokumental filmde Baýkar Dolanşyk geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktar we Baş müdüri Haluk Baýraktar bilen geçirilen söhbetdeşliklerede ýeri berildi. 

Star gazedi: "Makaronda maksat 1,5 million tonna eksport" söz başyly habarynda, Türkiyeden geçen ýyl dünýäniň 160 ýurduna 967 million dollar gymmadynda 1,3 million tonna makaron eksport edilendigini aýan edýär. Pudak şu ýyl eksportyny 1,5 million tonna ýetirmegi maksat edinýär. 



Degişli Habarlar