Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1766168
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň bilelikdäki metbugat ýygnagynda beren beýanaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn El Salwadoryň Prezidenti Naýib Bukele bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky düşnüşmezlik hakynda; “Biz gysga möhletde Hormat Putin bilen Zelenskiýni duşuşdyrmagy, ikiçäk görüşdirmegi arzuw edýäris” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşogly Kipriň grek dolanşygyna çagyryş etdi” söz başyly babarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Kipriň grek dolanşygynyň ekstremist terror guramasy PKK-nyň syýasy bölümi diýilýän PÝD-ä wekilhana açmak üçin rugsat bermegine “Terror guramalaryna ofis açdyrmak, ýer eýeçiligini etmek, ot bilen oýnamaklykdyr. Bärde ofis açmaklaryna rugsat berýärler, gelejekde bärden Türkiýä haýsydyr bir howp abanaýsa, Kipr türklerine haýsydyr bir hüjüm guralaýsa, onuň jerimesi agyr bolar. Biz onuň öwezini agyr alarys. Ot bilen oýnamasynlar, terror guramaslary bilen hyzmatdaşlyk etmesinler” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Koja; “Dünýä ilkinji bolar” diýdi we yglan etdi” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň “2 doza “BioNTech” sanjymynyň üstüne 1 doza “Turkovak” sanjymynyň edilmegi boýunça işe girişýäris. mRNA-nyň üstüne inaktiw sanjym synagy dünýäde ilkinji bolar” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Türk bazasyna 6-njy sapar” söz başyly habarynda, iki gün soň Antarktika 6-njy saparyň guraljakdygyny beýan eden Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň “Mälim bolşy ýaly 2017-nji ýyldan bäri materige 5 gezek ylmy sapar guradyk. Enşalla iki gün soň 20 adamlyk topar bilen 6-nji saparymyza başlarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär.

“Watan” gazeti “Britaniýada Osman patyşalaryna degişli kartinalar 1,3 million sterline satyldy” söz başyly habarynda, Şotlandiýada birnäçe nesiliň dowamynda şol bir maşgalada bolan we öýlerden biriniň üçeginde tapylan bäş Osman patyşasyna degişli kartinalaryň garaşylýanyndan has ýokary nyrha, 1,3 million satylandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar