Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1764178
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdoganyň FETÖ hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Tiranada Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen ylalaşyklara gol çekiş dabarasynda we bilelikdäki metbugat ýygnagynda beýanat berendigini ýazýar. Prezident Erdogan Fetullahçy terror guramasyna “(FETÖ) garşy göreş boýunça Albaniýadan has uly goldawa garaşýandyklaryny nygtap; “Elinde bigünä adamlaryň gany bolan bu guramanyň diňe bir Türkiýe üçin däl, eýsem iş alyp barýan ýurtlary üçin hem howp emele getirýändigi äşgär. Gejekde Albaniýadaky FETÖ organlaryna garşy has depginli we egilşiksiz başlangyçlar edilmegine garaşýarys” diýdi.

“Sabah” gazeti “Albaniýanyň Premýer-ministri Rama: Erdogan aýdanlaryny edýän adamdyr” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Albaniýanyň Laç şäherinde Türkiýe tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşandygyny mälim edýär. Dabarada söz sözlän Premýer-ministr Edi Rama özüne ýygy-ýygydan Erdogan bilen ýakyn dostlugy hakynda soralýandygyny beýan edip; “Jogabym ýönekeý: Prezident Erdogan aýdanlaryny edýän we edýänlerini aýdýan adam. Ynanyň, häzirki döwürde we diplomatiýada Mewlüt Çawuşogly gowy bilýär, “hawasy” hawa bolan we “ýogy” ýok bolan adamlary tapmak ýeňil däl” diýdi.

“Star” gazeti “Permana gol çekdi: Indi Türkiýeden getiriler” söz başyly habarynda, Gruziýanyň bazarynyň Türkiýeden getiriljek dermanlara açylandygyny mälim edýär. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili degişli permana gol çekdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň gün energiýasy boýunça mümkinçiligi 7,816 megawata ýetdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň gün energiýasyny öndürmekde bar bolan mümkinçiliginiň 8 ýylda 40 megawatdab 7,816 megawata tetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Antalýa syýahatçy sanyny geçen ýylyň ýanwar aýyna görä üç esse artdyrdy” söz başyly habarynda, Antalýanyň Halkara terminalyna 1-16-njy ýanwar aralygynda 808 uçar bilen 78,538 syýahatçynyň gelendigini ýazýar. 2021-nji ýylyň bellenen döwründen tas üç esse artan görkezijilerde rus we nemes syýahatçylary öňe saýlanýar.



Degişli Habarlar