Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1762511
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: ÝB biziň üçin strategik ähmiýetini dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ÝB-ne agza ýurtlaryň Türkiýedäki ilçileri bilen geçiren duşuşygynda; “Ýewropa Bileleşiginiň 2022-nji ýylda strategik mioplykdan halas bolup, Türkiýe bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginde has batyrgaý çemeleşmegini umyt edýäris. Geografik, taryhy, ynsanperwer taýdan Ýewropa materiginde ýerleşýän Türkiýe ÝB-ne doly agzalyk maksadyny dowam etdirýär. ÝB biziň üçin strategik ähmiýetini dowam etdirýär” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň ilkinji ykjam hemrasy “Grizu-263” älem giňişligine uçuryldy” söz başyly habarynda, Bülent Ejewit adyndaky uniwersitetde öndürilen Türkiýäniň ilkinji ykjam hemrasy “Grizu-263 A-nyň” ABŞ-daky Keýp Kanaweral uçuryş bazasyndan “SpaýsX-iň” falkon raketasy bilen älem giňişligini uçurylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Kommunikasiýalar edarasyndan “Hello Türkiýe” kampaniýasy” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň ýurduň milli we halkara adynyň “Türkiýe” görnüşinde beýan edilmegini halkara arenada hasam ýaýbaňlandyrmak maksady bilen “Hello Türkiýe” atly kampaniýa başladandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “Nemes mediasy uly üns berdi: Türkler uly pikirlenýär” söz başyly habarynda, nemes media organy “Fokusda” Türkiýäniň ýerli awtoulagy “TOGG” hakynda öwgüli makala çap edendigine ünsleri çekýär. Makalada “TOGG-yň” täze döwrüň simwoly bolandygy nygtalýar we Prezident R.T.Erdoganyň ýerli awtomobil senagatyny ösdürmek üçin tagalla edýändigi beýan edilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýäniň ilkinji köpfunksiýaly uçarmansyz harby uçary: Akynjy Baýraktar” söz başyly habarynda, harby we goranyş senagaty boýunça neşirler çykarýan “Oryx Blogyň” Türkiýäniň 10 ýylda goranyş senagaty pudagynda gazanan üstünlikleri hakynda makala çap edip, “Akynjy Baýraktaryň” köpfunksiýaly özboluşlyklaryna ünsleri çekýär we oda Türkiýäniň ýerli ok-därileriniň ulanylýandygyny mälim edendigini ýazýar.



Degişli Habarlar