Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1761170
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: Gazagystanyň ýanyndadyrys" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, düýn beren beýanatynda: "Ähli mümkinçiliklerimiz bilen Gazagystanyň ýanyndadyrys, ähli mümkinçiliklerimizi ulanmaga taýardyrys" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazedi: "Ministr Akar: 22 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. PKK/ÝPG-nyň ýerlerini nyşana almaga dowam ederis diýdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabynda 3 esgeriň şehit bolmagy bilen netijelenen terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly: "PKK/ÝPG-nyň ýerlerini güýçli ýagdaýda nyşana aldyk, mundan soň hem nyşana almaga dowam ederis. Şu günki güne çenli 22 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Jezalandyrmak operasiýalarymyz artýan bir güýç we temp bilen dowam eder" diýendigini habar berýär.

Sabah gazedi: "Türkali-1 guýusynda üstünlikli akyş synagy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Nebitleri Anonim hyzmatdaşlygynyň, Sakarýa gaz meýdançasyndaky Türkali-1 guýusynda, ilkinji rezerwuar derejesinde amala aşyran guýy akyş synagynyň üstünlikli tamamlanandygyny aýdandygyny  beýan edýär.

Star gazedi: "Germaniýa rekord derejede eksport" söz başyly habarynda, Türkiýäniň geçen ýyl iň köp eksporty Germaniýa amala aşyrandygyny aýan edýär. Türkiýäniň 2021-nji ýylda Germaniýa ýerine ýetiren eksporty, ýyllyk görkezijiler boýunça 22,9 göterimlik artyş bilen 17 milliard 705,4 million dollara çykyp, taryhy rekorda ýetdi.

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýeden dünýäniň 5 ýurduna uçar saparlary ýaňadandan başlady" söz başyly habarynda, koronawirus epidemiýasyna garşy görülen çäreleriň çäginde Raýat awiasia Baş müdürligi tarapyndan togtadylan Günorta Afrika, Botswana, Mozambik, Namibiýa we Zimbabwe ýurtlaryna uçar saparlarynyň düýn ýaňadandan başlandygyny beýan edýär. 



Degişli Habarlar