Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1759761
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Türkiýe, Gazagystana kömek bermäge taýar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Gazagystanda gysga wagtda asudalygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegini arzuw edýändikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Türkiýe we Türk Döwletleri guramasy hökmünde Gazagystana ähli taraplaýyn goldaw berjekdiklerini nygtan Çawuşogly, “Türk dünýäsiniň derdi biziň derdimizdir. Muny bütin dünýä Garabag ýeňişinde gördi” diýdi.

“Sabah” gazeti, “Türkowaga ýokary gyzyklanma” söz başyly habarynda, Türkiýäniň täze görnüş koronawirusa garşy taýarlan ilkinji ýerli jansymy bolan Türkowagyň 30-njy dekabrdan başlan ähli şäher hassahanalarynda edilmäge başlandygyny we halkyň sanjyma uly gyzyklanma görkezendigini mälim edýär.

Hassahanalarda soňky bir hepde-de edilen sanjymlaryň 50 göterimini Türkowak emele getirdi. Ýerli sanjymyň dünýäniň birnäçe sebiti üçin hem umyt bolmagyna garaşylýar.

“Star” gazeti, “Senagat pudagynda taryhy ösüş” söz başyly habarynda, Türkiýäniň senagat pudagynyň eksportynyň geçen ýyl 170 milliard dollardan geçendigini habar berýär.

Senagat toparynyň çäginde iş alyp barýan 16 pudagyň ählisiniň eksporty geçen ýyl artdy. Şeýlelikde senagat pudagynda taryhy ösüş edildi.

“Hürriýet” gazeti, “Türkiýe saglyk syýahatçylygynda amatly merkez” söz başyly habayrnda Türkiýede 2020-njy ýylda 1 milliona golaý estetiki operasiýa edildi. Türkiýe estetikada daşary ýurtlaryň uly isleg bildirýän ikinji ýurdy boldy.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Ýerli awtomobil şu ýyl köpçülileýin öndörülmegi üçin taýar bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli awtomobili TOGG-yň 2022-nji ýylyň 4-nji çärýeginde köpçülikleýin öndürilmegi üçin taýar boljakdygyny we 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde öndürilmäge başlanjakdygyny ýazýar.



Degişli Habarlar