Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär.

1740472
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti, “Erdogan oňyn özgerçişikler bolar” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Türkmenistana guran saparyndan gaýdyşyn beren beýannamasynda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkiýä 10 milliard dollarlyk maýa goýmak üçin meýilnama hödürländigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti, “Milli Goranmak ministrligi: Gyzyl bulten bilen gözlenýän adam saklandy” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginden düýn berlen beýannamada, Siriýadan bikanun ýollar bilen Türkiýä geçmäge çalşan 1-i gyzyl bulten bilen gözlenýän 7 adamyň saklanandygyna üns çekilendigini nygtaýar.

“Star” gazeti, Türkiýäniň eksportynyň oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,1 göterim artyp 20 milliard 792 million dollara, importynyň bolsa 12,8 göterim artyp 22 milliard 230 million dollara barabar bolandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti, “Diýarbakyrda Merwani hökümdarynyň köşgi tapyldy” söz başyly habarynda, Diýarbakyr galasynyň 71-nji burçunyň Merwani hökümdarygynyň köşgüdiniň anyklanylandygyny belleýär. Köşgüň gurulmagyndan soň medeniýet merkezine öwrülendiginiň anyklanylandygy nygtalýar.

“Sabah” gazeti, “Taýfun Korkut ýaňadandan Bundesligada” söz başyly habarynda, türk türgenleşdirijisi Taýfun Korkutyň, Herta Berlin komandasynyň täze türgelenleşdirijisi bolandygyny ýazýar. Taýfun Korkut ozal hem Baýer Lewerkusen komandasynyň türgenleşdirijisi bolupdy.



Degişli Habarlar