Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly  habarlar güdelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1740002
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Halkara hyzmatdaşlyk terrorizme garşy göreşde iňňän möhüm” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň terrorizme garşy göreşde möhüm ähmiýete eýedigini nygtap: “Göreşimizi terror guramalarynyň arasynda tapawut goýmazdan dowam etdireliň” diýendigini ýazýar. Erdogan: “Sebitimiz PKK, ÝPG, Fetullahçy terror guramasy (FETÖ), DAEŞ ýaly ganhor terror guramalaryndan saplandygy saýyn, asudalyk, durnuklylyk we ykdysady galkynyşyň depgini hem güýçlener” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan dost we doganlyk ýurtlara DKTR-sy boýunça çagyryş etdi” söz waşyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammitinde sözlän sözünde, Kipr meselesinde Kipriň türk halkynyň özygtyýarly deňligini we deň derejeli halkara hukuk derejesini ykrar etmegiň çözgüdiň başlangyjyny emele getirýandigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Erogan; “Dost we doganlyk ähli ýurtlaryň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň çözgüt garaýyşyny şertsiz seljermegini isleýärin” diýdi.

“Star” gazeti “DKTR berilen goldaw beýanatyna sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň “İlkinji gezek Ženewada gepleşik stolunda hödürlän özygtyýarly deňlik, iki döwlete esaslanýan çözgüt teklibimiz gün tertibindäki ornunda galýan bolsa, Prezident Erdoganyň Türkmenistanda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammitinde sözlän sözünde “Dost we dogan ähli ýurtlaryň DKTR-nyň çözgüt garaýyşyny şertsiz seljermekleri” boýunça beren çagyryşy güýjümize güýç goşdy” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Eýran: Türkiýe bilen gataşyklaryň köpugurly ösmegine karar berildi” söz başyly habarynda, Eýranyň Daşary işler ministri Huseýn Emir Abdullahiýanyň Twitter hasabyndan beren habarnamasynda, Prezident Erdogan bilen eýranly kärdeşi Ebrahim Raisiniň Türkmenistanda geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly ösdürilmegi hakynda karara gelinendigini beýan edendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türkiýe İblibde täze şeher gurdy” söz başyly habarynda, Siriýada çadyrlarda ýaşaýan ýüzlerçe müň ilata kömek beren Türk gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň priket öýlerden emele gelýän täze şäher gurandygyny mälim edýär. Türk gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Başlygy Kerem Kynyk; “Türkiýe Ýewropa gitjek göç hereketleriniň öňüni alýar” diýdi.



Degişli Habarlar