Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1735519
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: ÝB-niň anyk başlangyçlar etmegine garaşýarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň İspaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançez bilen Ankarada bilelikde metbugat ýygnagyny geçirendigini ýazýar. İspaniýa bilen bilelikde uçar gämisini öndürendiklerini beýan eden Erdygan, ÝB-niň Türkiýe boýunça anyk başlangyçlar etmegine garaşýandyklaryny aýtdy. İki ýurduň bikanun göç boýunça uly jogapkärçilik alandygyny aýdan Erdygan gümrük bileleşiginiň şertleriniň aktuallaşdyrylmagy hem-de wiza düzgüniniň aýrylmagy üçin işe girilmelidigini beýan etdi.

“Star” gazeti “Sançez: Türkiýe ortadan ýokarda ösýär” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen İspaniýanyň özara gatnaşyklarynyň iňňän ýokary derejä eýe bolandygyny beýan eden İspaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançeziň “Türkiýe şol bir wagtda-da ortadan ýokarda ösüş edýär. Ol gelejekde-de şeýle dowam eder” diýen sözlerini çap edýar. Sançez Türkiýäniň ÝB-ne agza bolmagyny isleýändiklerini beýan etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “ABŞ bilen goranyş sammiti” söz başyly habarynda, ABŞ bilen harby meseleler boýunça geçirilýän Goranyş toparynyň ýokary derejeli maslahatynyň 4 ýyl soň Waşingtonda geçirilendigini ýazýar. Özara we sebitleýin goranyş hem-de howpsuzlyk ugurlary boýunça pikir alyşylan maslahatyň “netijeli” we “oňyn” geçendigi beýan edildi. Nobatda maslahat Türkiýede geçiriler.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe syýahatçylyk pudagynda İtaliýadan we İspaniýadan öňe geçdi” söz başyly habarynda, dünýade syýahatçylyk pudagynyň soňky 2 ýyldan bäri koronawirus sebäpli uly zyýan çekendigini, soňky aýlarda pudakda ösüşiň başlandygyny mälim edýär. Türkiýe soňky iki ýylda Ortaýer deňizi sebitindäki ýurtlara garalanda uly ösüş etdi. 2021-nji ýylyň 9 aýynda İspaniýa we İtaliýa gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany Türkiýä gelenlerden az boldy.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň eksporty dünýä bazarynda 1 göterime ýetdi” söz başyly habarynda, Söwda ministri Mehmet Muşuň “Soňky 20 ýylda Türkiýe ilkinji gezek dünýäniň eksport paýynda 1 göterime derejesine eýe boldy” diýen sözelerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ministr Muş eksportuň importy bolan gatnaşygynyň hem oktýabr aýynda 93,4 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde 10 aýda eksportuň importa bolan gatnaşygynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 7,2 bal ýokarlap, 84,3 göterime barabar bolandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar