Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertininiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1734323
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Çelik Makrona reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretary Ömer Çeligiň düýn partiýanyň Merkezi karar we dolandyryş geňeşiniň maslahatyndan soň Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen Liwiýa meselesindäki maslahat hakynda “liwiýada parahatçylygyň üpjün edilmegi Liwiýanyň halky tarapyndan amala aşyrylmaly. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronuň Türkiýäniň esgerlerini yzyna çekmegi boýunça beren çagyryş ýerliksizdir. Türkiýe ol ýere tälim maksady bilen bardy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Akar Mongoliýanyň Goranmak ministri Saikhanbaýar Gursed bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn Türkiýe-Mongoliýa bilelikdäki ykdysady toparyň maslahaty mynasybetli Türkiýede saparda bolýan Mongoliýanyň Goranmak ministri Saikhanbaýar Gursed bilen duşuşandygyny ýazýar. Ministrler özara duşuşykdan soň toparara duşuşyklara ýolbaşçylyk etdiler. Soň bolsa iki ýurduň arasynda Harby taryh, arhiw, muzeý we neşirýat ugurlarynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişildi.

“Star” gazeti “Oktaý: Lider ýurt bolmak üçin tagalla edýäris” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň garaşsyzlygynyň 38-nji ýyllygy mynasybetli Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna guran saparynda taryhy kerwensaraýda açylan 100 eksponatda Türk we yslam ylym taryhy sergisinde çykyş edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Oktaý ol ýerde sözlän sözünde: “Geçmişde ylyma we ösüşe geçmişde nähili öňbaşçylyk eden bolsak, şu günki günde-de çygyr açýan tehnologiýalarda lider ýurt bolmak üçin tagalla edýäris” diýdi.

“Watan” gazeti “THÝ günde 1007 sapar bilen Ýewropada 2-nji orny eýeledi” söz başyly habarynda, “Ýewropanyň awianawigasiýa howpsuzlygy guramasynyň noýabr aýynyň 8-14-i aralygyndaky howa gatnawynyň görkezijilerine görä Türk howa ýollary degişli günlerde günde 1007 sapar bilen Ýewropada iň köp gatnaw eden 2-nji howaýoly boldy” diýip ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýörişde tapdy: 40 million ýyllyk” söz başyly habarynda, Adyýaman welaýatynda 40 million ýyllyk geçmişiniň bardygy anyklanan 4 fosiliň tapylandygyny mälim edýär. Bölükýaýla obasynda ýaşaýan 21 ýaşly Güljan Öztürk maşgala agzalary bilen ýöriş edýän mahalynda 4 sany tapawutly gurluşy bolan daş tapdy. Öztürk daşlary Adyýamanyň Muzeýler müdirligine tabşyrdy. Muzeýiň bilermenleri seljeriş işlerinde tapylan daşlaryň 40 million ýyllyk Eosen döwrüniň Mumilit toparyna degişli bir öýjükli deňiz jandarydygyny anyklady. Fosiller gorag astyna alyndy.

 



Degişli Habarlar