Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly beýan tapýar

1726066
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogandan FETÖ garşy göreş ýüzlenmesi: Çadyň kömegini ýatdan çykarmarys" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn paýtagt Ankara şäherinde Çadyň wagtlaýyn Döwlet baştutany Mahamat Idriss Itno bilen geçiren duşuşygyndan soň gatnaşan metbugat ýygnagynda: "Çad bilen söwda gatnaşyklarymyzy berkitmek isleýäris. Maksadymyz söwda kuwwadymyzy 200 millon dollara ýetirmek. FETÖ garşy göreşde Çadyň kömegini ýatdan çykarmarys" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Hürriýet gazedi: "Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda tankydy gepleşik" söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň düýn ABŞ-nyň Howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Salliwan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary, F-35/F-16 meselesini, global klimat çalşygyny, Owganystan, Siriýa, Liwiýa, Ýokary Garabag, Gresiýa, Gündogar Ortaýer deňizi we beýleki sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyny habar berýär.

Watan gazedi: "Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy" söz başyly habarynda, Baýkar kärhanasynyň Baýraktar TB2-niň ýene-de bir ýurda eksport ediljekdigini aýdandygyny mälim edýär. Kärhananyň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, eksport ediljek ýurdyň ady beýan edilmedik beýanatda: "Ýene-de bir ýurt bilen Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň eksporty bilen baglanşykly şertnama baglaşdyk. Şol ylalaşyk bilen Baýraktar TB2-niň eksport ediljek ýurtlaryň sany 13-e ýeter" diýip aýan edildi.

Ýeni Şafak gazedi: "Stambul howa menzili Ýewropanyň iň gowusy hökmünde saýlandy" söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň Halkara howa menzillleri geňeşi tarapyndan “17th ACI Europe Awards”-yň çäginde "Ýewropanyň iň gowy howa menzilleri" we "Elýeterli howa menzili" sylaglaryna laýyk görülendigini beýan edýär.

Star gazedi: "Ýewropadan Türkiýä talap artýar" söz başyly habarynda, Türkiýeden şu ýylyň ilkinji 10 aýlyk döwründe 83 ýurda 125 million dollarlyk gül eksport edilendigine ünsleri çekýär. Iň köp eksport edilen ýurtlar Gollandiýa, Britaniýa, Germaniýa, Özbegistan, Rumyniýa we Bolgariýa boldy. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar