Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1719442
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly degişli çäräni göreris” söz başyly habarynda, Siriýadaky PKK hüjümleri sebäpli ABŞ-na we Russiýa berk ýüzlenmeler beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň; “ABŞ we Russiýa bize beren sözünde durmady. Terrorçylaryň saplanmagy üçin degişli çäräni göreris” diýen sözlerini çap edýär. Çawuşogly ABŞ-nyň Siriýada şehit bolan türk howpsuzlyk gullukçylary üçin duýgudaşlyk bildirmegini hem sowuk-salalyk hökmünde kabul edýandiklerini aýtdy.

“Star” gazeti “Russiýanyň Türkiýä akdyrýan tebigy gazynyň mukdary artýar” söz başyly habarynda, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ýewropa dürli ugurlardan akdyrylýan gazyň mukdaryny artdyrandyklaryna ünsi çekip, “Türkiýäniň üstaşyr, Mawy Akym ugry bilen, TürkAkym we Ukrainanyň üstaşyr hem tebigy gaz akdyrýarys” diýen sözlerini çap edýar. Putin: “Akdyrylýan tebigy gazyň mukdaryny islege baglylykda hasam artdyryp bileris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Nepala duýgudaşlyk ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Türiýäniň Nepalyň Mugu sebitinde 32 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýol-ulag heläkçiligi sebäpli Nepalyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk ýüzlenmesini ugradandygyny mälim edýär. Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada; “Nepalyň Mugu sebitinde bolan ýol-ulag heläkçiliginde 32 adamyň pida bolandygyny, 17 adamyň ýaralanandygyny gynanç bilen öwrendik. Şol elhenç heläkçilikde aradan çykanlaryň hossarlaryna we dostlukly Nepalyň halky bilen hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris, ýaralananlara şypa dileýäris” diýilýär.

“Watan” gazeti “Pakistan Fransiýa goýup, Türkiýe bilen ylalaşdy” söz başyly habarynda, arap metbugatynyň Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demiriň Pakistanyň harby deňiz güýçlerine degişli “Agosta 90B” kysymly deňizasty gämileriniň döwrebaplaşdyrylmagy hakynda beren beýanatyny gün tertibine getirendigini ýazýar. Arap metbugaty Ismail Demiriň “Goranyş pudagynda syýasy basyşlar bar. Biz olary yza serpikdirýäris. Mysal üçin Pakistanyň Fransiýadan alan deňizasty gämileriniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça yglan edilen bäsleşigi üçin fransuzlar uly basyş etdi, emma işi Goranyş Tehnologiýalary İnženerçilik we Söwda paýdarlar jemgyýeti (STM) aldy” diýen sözlerini çap etdiler.

“Haber Türk” gazeti “Ýerli sanjym Turkovac ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň koronawirusa garşy öndürilen ýerli sanjym “Turkovacyň” beýleki sanjymlardan soň ýatlatma dozasy hökmünde edilýän üçünji tapgyr barlaglarynyň dowam edýandigini aýdandygyny ýaýzar. Ministr Koja raýatlary “Turkovacyň” barlaglaryna gatnaşmaga meýletin bolmaga çagyrdy.

 



Degişli Habarlar